- ynjalmak
- işlik[y:njalmak]1) Agyrydan, degen zarbadan rahatlanmak, köşeşmek.2) Birinden ýa-da bir zatdan arkaýyn bolmak, biri ýa-da bir zat barada alada, ünji etmezlik.∙ Habar tutup bilinse, ol ynjalyp ýatyp hem bilmezdi, gözlerine çiş kakylana dönerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Men hem ynjalyp oturyp bilmän, garra kömekçi bolupdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Birden ýagtylanyp ünjüli ýüzi, Ýatdy howsalasy, ynjaldy özi. (A. Kekilow, Söýgi)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.